2023-nji ýylda haýsy brendler awtomobillerini has köp yzyna gaýtardy

  • 27.12.2023 14:20
  • 9.6k+

Milli ýol hereketiniň howpsuzlygy administrasiýasynyň (NHTSA) maglumatlaryna görä, Ford kompaniýasy beýleki islendik awtoöndürijilere garanyňda, awtomobillerini has köp yzyna gaýtarýar. 20-nji dekabra çenli ýagdaýa görä, kompaniýa awtomobillerini 54 gezek yzyna gaýtardy, bu hem 2023-nji ýylda 5 692 135 awtomobile täsir edip biler. Ford eýýäm yzygider üçünji ýyl ABŞ-da awtomobilleri yzyna gaýtarmak boýunça birinji orny eýeleýär.

Eger zeper ýeten awtomobiller barada gürrüň etsek, onda Ford-da olar ikinji orny eýelän Kia-nyň awtomobillerinden iki esse köpdür. Gürrüň 3 million awtoulag barada gidýär, olaryň köpüsi ýangyn howpuna getirip biljek tormoz suwuklygynyň syzmagy sebäpli zyýan çekdi. Yzyna gaýtarmalaryň sany boýunça Ford-dan soň 45 gaýtarma bilen Fiat Chrysler Automobiles USA gelýär, onuň bu hereketi 2,7 million awtomobile täsir etdi. BMW-niň hasabynda 29 yzyna gaýtarma, Mercedes-Benz-iň hasabynda 27 yzyna gaýtarma bar. Liderleriň bäşligini 22 gezek yzyna gaýtarma bilen Nissan jemleýär.
Ford-yň görkezijileri 2022-nji ýylda 8,5 mln awtomobile täsir eden 68 yzyna gaýtarmadan peseldi, ýöne ol henizem beýleki awtoöndürijilerden öňde durýar. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, ýagdaý geçen ýyl bilen deňeşdirilende, takmynan, 30% gowulaşdy.
Şeýle-de, bu antireýtingiň ilkinji 12-ligine girmedik Volkswagen-iň ýagdaýy ep-esli gowulaşdy. Kompaniýa 332 700 awtomobile täsir eden 18 gezek yzyna gaýtarmany amala aşyrdy. Bu geçen ýyla garanyňda ep-esli pesdir.
Tesla iň uly yzyna gaýtarma boýunça birinji orny eýeleýär: kompaniýa bir gezekde 2 milliondan gowrak awtoulagy yzyna gaýtardy. 


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

21.06.2026 16:05
4k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

20.06.2026 12:20
4.3k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....