Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýazan kitabyny buýsanç bilen kabul etdi

  • 27.12.2023 09:48
  • 22k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlap ýazan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ilkinji sanyny Gurbanguly Berdimuhamedowa sowgat hökmünde iberdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri kitaby uly buýsanç bilen kabul etdi.

«Bagtyýar halkymyzyň ýankitabyna öwrüljek bu eserde ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri beýan edilýär. Ýaşlar biziň aýdyň geljegimizdir. Ösüşlerimiziň batly gadamlarydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz ýurdumyzda ýaşlara uly orun berilýär. Olar üçin ähli döwrebap şertler döredilýär. Uly üstünliklere beslenen bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlarymyzyň ata Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşandyklaryny aýratyn belläsim gelýär. Ýaşlaryň gazanýan üstünlikleri bizi örän guwandyrýar» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenmesinde belledi.
«Baý many-mazmunly bu kitabyň geljekde diňe bir ýaşlarymyz üçin ýol-ýörelge bolman, eýsem, ähli ýaşdaky watandaşlarymyzda-da uly gyzyklanma döretjekdigine, kitapdaky görkezilen ugurlaryň usulyýet hökmünde biziň her birimiziň işimizde gymmatly gollanma boljakdygyna berk ynanýaryn» diýlip, Ýüzlenmede bellenilýär.


düýn 11:41
3.4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......