Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň wekilleri bilen onlaýn duşuşyk geçirdi

  • 26.12.2023 23:29
  • 6.3k+

25-nji dekabrda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň hem-de Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ-yň) wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy (Ankara şäheri) tarapyndan guraldy diýip, ilçihananyň resmi saýty habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de 2024-nji ýylda amala aşyryljak hyzmatdaşlygyň ugurlary kesgitlenildi.
Şeýle hem, geljekki ýylyň dowamynda möhüm senelere bagyşlanyp geçiriljek bilelikdäki çäreleriň – 2024-nji ýyly “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary – Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýlip yglan edilmegi, şol sanda Gündogaryň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleriň toplumynyň geçirilmegi hem-de gadymy türkmen şäheri – Änewi türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi boýunça meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Bulardan başga-da duşuşykda, medeniýet we sungat ugurlarda, bilelikdäki çäreleri geçirmek we özara tejribe alyşmak babatda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.


düýn 18:57
1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
972

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
997

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......