Serdar Berdimuhamedow Sankt-Peterburga bardy

  • 26.12.2023 14:55
  • 16k+

Şu gün, 26-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl Sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny resmi adamlar ugratdylar. 
Birnäçe sagatdan soňra Serdar Berdimuhamedowyň uçary Sankt-Peterburg şäheriniň “Pulkowo” halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.
Özüniň bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda,  Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolup durýan Türkmenistan GDA gatnaşyjy döwletler bilen gatnaşyklary deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda, her bir tarapyň milli bähbitlerini we umumy maksatlary nazara almak bilen ýola goýýar. Ýurdumyzyň bu garaýyşlary taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, dürli ulgamlarda ähli taraplar üçin ähmiýetli bolan iri bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär.
GDA döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki netijeli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarly ýurdumyz GDA giňişligindäki gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar. Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň Sammitlerine yzygiderli gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. 


düýn 23:05
665

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
789

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......