Kia Clavis kysymly täze krossower çykarar

  • 26.12.2023 09:16
  • 6.4k+

«Kia» täze krossoweriniň adyny mälim etdi – ol «Clavis» diýlip atlandyrylar we Hindistanda öndüriler. Bu barada «Autocar India» salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Bellenilmegine görä, uzynlygy 4 metre golaý bolan bu awtoulag 2024-nji ýylyň ahyrynda tanyşdyrylar we 2025-nji ýylyň başynda satuwa çykarylar. Ol üç görnüşli hereketlendirijiler – elektrik, gibrid we ýangyç hereketlendirijisi bilen işleýän nusgalarda öndüriler diýlip çaklanylýar. Hindistanda 100 müňe çenli täze krossower öndürmek meýilleşdirilýär, olaryň 80 göterimi içerki ýangyç hereketlendirijileri bilen enjamlaşdyrylar. Öndürilen ulaglaryň bir bölegini eksport etmek meýilleşdirilýär.
Koreýanyň awtoulag öndürijisiniň öndürýän ulaglarynyň hatarynda täze «Clavis» «Sonet» we «Seltos» modelleriniň arasynda ýerleşer. Täze önüm ýolsuz ýerler üçin niýetlenen ulaglara (wnedorožnik) mahsus görnüşe eýe bolar, ýöne ähli tekerleri hereketli ulgam bilen enjamlaşdyrylmaz.


09.05.2026 12:43
3.5k+

5 orunlyk Kia PV5 Passenger öndürijiniň garaşanyndan has meşhur bolup çykdy

Kia kompaniýasy Beýik Britaniýada täze PV5 Passenger elektrik furgonynyň bäş orunlyk görnüşine duýdansyz ýokary islegi hasaba aldy....

07.05.2026 11:29
2.9k+

ABŞ-da Kia Sportage modeliniň gibrid görnüşiniň satuwy iki esseden gowrak artdy

Kia kompaniýasy aprel aýynda ABŞ-nyň bazarynda satuwyň az-kem peselendigini hasaba aldy, emma gibrid modellere bolan isleg ep-esli artdy. Bir aýyň dowamynda jemi 72 703 awtoulag satyldy, geçen ýylyň degişli......

20.04.2026 17:11
4k+

Kia we Genesis ýangyç syzma töwekgelçiligi sebäpli 235 müňden gowrak awtomobilini yzyna çagyrýar

Kia we Genesis kompaniýalary ýangyç ulgamynda ýüze çykan kemçilik sebäpli 235 792 sany awtomobili yzyna çagyrmak barada karara geldiler. Bu kemçilik benziniň syzmagyna we netijede ulagyň ot almagyna sebäp......

15.04.2026 10:47
2.6k+

Kia elektromobilleriň rekord satuwyna garamazdan, Sportage bilen Sorento-nyň benzinli görnüşlerini saklap galar

Kia kompaniýasy, heniz isleg barka, meşhur Sportage we Sorento modellerini içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler bilen öndürmegini dowam eder....