Serdar Berdimuhamedow «Guwlyduz» kombinatynda täze önümçiligi ýola goýmak boýunça teklipleri goldady

  • 23.12.2023 08:39
  • 10k+

22-nji dekabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow «Guwlyduz» kombinatynda täze önümçiligi ýola goýmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, uly islegden peýdalanýan, ekologik taýdan bäsdeşlige ukyply ýokary hilli duzlaryň dürli görnüşlerini öndürmek üçin häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan döwrebap önümçilikleri ýola goýmak maksadalaýyk hasaplanýar.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümçilik kärhanalarynda netijeli we sazlaşykly işiň guralmagynyň berk talap bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany konserniň «Guwlyduz» kombinatynda täze önümçiligi ýola goýmak boýunça teklipleri goldady we wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


14.05.2026 19:01
1.6k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......