2023-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Azerbaýjana syýahat eden türkmenistanlylaryň sany belli boldy

  • 22.12.2023 17:45
  • 9.3k+

2023-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Azerbaýjana Merkezi Aziýadan 121 467 syýahatçy bardy. Bu geçen ýylyň degişli döwri (66 316 adam) bilen deňeşdirilende 83% köpdür. Bu barada Azerbaýjanyň Döwlet syýahatçylyk agentliginiň maglumatlaryna salgylanyp, Azernews habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistandan gelen syýahatçylaryň sany 23 401 adama ýetdi, bu hem geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 2,4 esse köpdür. Bu Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň uly ösüş.
Sebitiň ýurtlaryndan bu döwürde has köp syýahatçy Gazagystandan geldi – 53 249 adam (geçen ýyl bilen deňeşdirilende 90,7% ösüş). Onuň yzyndan Özbegistan gelýär – 35 222 (49,7% ösüş). Gyrgyzystanyň görkezijisi 5184 adam (78,8% ösüş), Täjigistanyňky 4411 adam (78,3% ösüş).
Umuman, hasabat döwründe Azerbaýjana 1 893 679 syýahatçy geldi (29,8% ösüş).
Ýurduň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri geljek birnäçe ýylyň dowamynda syýahatçylaryň sanyny artdyrmagy maksat edinýärler. Olaryň çaklamalaryna görä, 2026-njy ýyla çenli her ýyl Azerbaýjana gelýän syýahatçylaryň sany 4 mln adama ýetmeli.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

08.06.2026 09:43
4.3k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....