Hytaýda açyk kosmosda adamyň özüni rahat duýmagy üçin lybas döredildi

  • 21.12.2023 17:30
  • 7.9k+

Hytaýly alymlaryň topary daşky gurşawyň temperaturasynyň üýtgemegine garamazdan, adama amatly temperatura aralygynda galmaga mümkinçilik berýän we Gün energiýasy bilen işleýän çeýe egin-eşik ulgamyny döretdiler. Bu barada mail.ru habar berýär.

Beýleki termo kadalaşdyryjy lybaslardan tapawutlylykda, Nankaý uniwersitetiniň alymlarynyň döreden lybasy bedeni hem gyzdyryp, hem sowadyp bilýär. Bu Gün yşygyndan zarýad alyp, bir günüň dowamynda temperaturany sazlap bilýän enjamyň kömegi bilen mümkin bolýar.
Täze lybasy döredijileriň bellemeklerine görä, Gün energiýasy bilen işleýän eşikler daşky gurşawyň temperaturasynyň üýtgäp durýan şertlerinde adam bedeniniň howpsuzlygyny we rahatlygyny artdyryp biler, hatda ekstremal şertlerde, mysal üçin, kosmosda ýa-da beýleki planetalarda ýaşaýyş mümkinçiligini ýokarlandyryp biler.


düýn 20:08
2k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

düýn 20:00
903

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 17:07
667

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......