Toyota heläkçilik-synag maglumatlary bilen bagly dawa zerarly awtoulaglarynyň satuwyny bes edýär

  • 21.12.2023 14:25
  • 19k+

Ýaponiýanyň Toyota kompaniýasynyň Daihatsu golçur kärhanasy heläkçilik-synag maglumatlary we ulagyň işleýşiniň howpsuzlygy bilen baglanyşykly beýleki düzgün bozmalar babatdaky dawa sebäpli, Ýaponiýada we daşary ýurtlarda awtoulaglarynyň iberilmegini wagtlaýynça togtadar. Bu barada Toyota-nyň web sahypasynda habar berildi.

Hasabatda: "Garaşsyz komissiýanyň derňewi aprel we maý aýlarynda gapy örtgüsi we gapdal çaknyşmany barlamak bilen baglanyşykly düzgün bozmalardan başga-da, 25 synag kategoriýasynda 174 sany täze düzgün bozma tapyldy" - diýilýär. Umuman alanyňda, düzgün bozmalar Toyota markasy bilen satylan 22 modeli goşmak bilen, Daihatsu-nyň  64 modelini öz içine alýar. Bu ýerde gürrüň Toyota Probox, Town Ace, Roomy, Pixis awtoulaglary hakda gidýär.

"Bu çykarylan netijelere jogap hökmünde Daihatsu kompaniýasy Ýaponiýada we daşary ýurtlarda öndürilýän Daihatsu-nyň ähli modelleriniň iberilmegini wagtlaýyn togtatmak kararyna geldi. Toyota hem zyýan çeken modelleriň iberilmegini wagtlaýynça togtatmak kararyna geldi. Biz ähli gyzyklanýan taraplardan, şol sanda müşderilerimizden ýüze çykan  oňaýsyz ýagdaý we aladalar üçin tüýs ýürekden ötünç soramak isleýäris. Daihatsu mundan bu ýana häkimiýetler bilen ýagdaýy hasam aýdyňlaşdyrjakdygyny we olaryň ýolbaşçylygynda ähli zerur çäreleri görjekdigini" aýtdy.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......