Serdar Berdimuhamedow Eýranyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

  • 19.12.2023 23:08
  • 10k+

19-njy dekabrda eýran tarapynyň başlangyjy boýunça Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyk türkmen-eýran gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.   
Bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň wajyp ähmiýetiniň bardygy aýratyn bellenildi. Ýaňy-ýakynda, 17-18-nji noýabrda Aşgabatda  bu toparyň 17-nji mejlisi geçirildi. Şeýle hem onuň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen sergisi we türkmen-eýran işewürler forumy guraldy.
Söhbetdeşligiň barşynda bellenilişi ýaly, türkmen-eýran söwda-ykdysady gatnaşyklary üç sany esasy ugurda işjeň alnyp barylýar. Birinjiden, tebigy gaz pudagy bu hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir.  Bu babatda türkmen tebigy gazyny Eýrana we onuň çäklerinden SWAP görnüşinde üçünji ýurtlara ibermek meselesi barada bellemek bolar.
Elektrik energiýa pudagy hem türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.
Ulag pudagy hem döwletara hyzmatdaşlygyň ösmeginde giň orun tutýar. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz bu ulgamda Eýran bilen özara hereketleriň giňeldilmegine hem-de ýük gatnawlarynyň artdyrylmagyna uly ähmiýet berýär.
Şunuň bilen baglylykda, awtomobil ýollaryny gurmak babatda bilelikde işlemegiň oňyn tejribesiniň toplanandygy bellenildi.  
2024-nji ýylda tutuş dünýäde uly sarpa goýulýan ajaýyp türkmen şahyry we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hormatyna guraljak  bilelikdäki möhüm çärelere üns çekildi.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......