Hytaýa we Wengriýa okuwa gitmek üçin resminamalar Magtymguly adyndaky TDU-da kabul ediler

  • 18.12.2023 23:18
  • 16k+

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2024-2025-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça Hytaýyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin dalaşgärleriň resminamalaryny kabul edýändigini mälim etdi. Bu baradaky bildiriş Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi.

Dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek işi 3 – 10-njy ýanwar aralygynda Aşgabat şäherinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde kabul edilýär.

Şeýlelikde, Hytaýda okamak üçin dalaşgärleriň şu resminamalary tabşyrmaklary zerurdyr:
— arza we Türkmenistanyň raýatlary üçin taýýarlanan nusgadaky anketa;
— Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin taýýarlanan nusga boýunça doldurylan anketa;
— ýurduň ygtyýarly edaralary tarapyndan berlen bilim şahadatnamasy (tassyklanan göçürme we terjime);
— dalaşgäriň Hytaý Halk Respublikasyndaky ýokary okuw mekdeplerinde degişli bilim derejesinde (ýazmaça) okamandygyny ýa-da talyp hakyny almandygyny görkezýän kepilnama;
— orta ýa-da orta ýöriteleşdirilen bilim baradaky asyl resminama (göçürme we kepillendirilen terjime);
— SAT (Scholastic Aptitude Test), TOEFL (Test of English as a Foreign Language), IELTS (International English Language Testing System) we HSK (Chinese Proficiency Test) akademiki derejeli kurslary üstünlikli gutarandygy barada asyl şahadatnama. SAT şahadatnamasy bolan dalaşgärler ýeňillikli giriş nyrhlaryndan peýdalanýarlar.
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan kesgitlenen görnüşdäki saglyk şahadatnamasy (daşary ýurtlarda ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin ýüz tutýan raýatlaryň saglyk şahadatnamasy);
— soňky okuw ýa-da iş ýerinden häsiýetnama (harby bölümi);
— 12 (on iki) sany 3х4 ölçegdäki surat. Döwlet orta we ýörite orta okuw mekdeplerinde tapawutlanan mekdep okuwçylary hem ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

Wengriýada okamak üçin tabşyrmaly resminamalar:
— arza we Türkmenistanyň raýatlary üçin taýýarlanan nusgadaky anketa;
— Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin taýýarlanan nusga boýunça doldurylan anketa;
— dogluş hakyndaky şahadatnama (göçürme we tassyklanan terjime);
— ýaşaýan ýeri hakyndaky kepilnama (göçürme we tassyklanan terjime);
— ýurduň ygtyýarly edaralary tarapyndan berlen bilim baradaky resminama (göçürme we tassyklanan terjime);
— dalaşgäriň Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerinde degişli bilim derejesinden okamandygyny ýa-da talyp hakyny almandygyny görkezýän kepilnama (ýazmaça);
— orta ýa-da ýörite orta bilim baradaky asyl resminama (göçürme we tassyklanan terjime);
— SAT (Scholastic Aptitude Test), TOEFL (Test of English as a Foreign Language) hem-de IELTS (International English Language Testing System) akademiki derejeli kurslary üstünlikli tamamlandygy barada asyl şahadatnama. SAT şahadatnamasy bolan dalaşgärler ýeňillikli giriş nyrhlaryndan peýdalanýarlar.
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan kesgitlenen görnüşdäki saglyk şahadatnamasy (daşary ýurtlarda ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin ýüz tutýan raýatlaryň saglyk şahadatnamasy);
— soňky okuw ýa-da iş ýerinden häsiýetnama (harby bölümi);
— 12 (on iki) sany 3х4 ölçegdäki surat.

Bellenişi ýaly, mekdep okuwçylaryndan ders olimpiadalarynyň döwlet tapgyrynda ýeňiji bolanlar, Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary, halkara olimpiadalarda we umumy bilim dersleri boýunça ýaryşlarda baýrakly orunlary eýelänler ýeňilliklerden peýdalanýarlar.
Mundan başga-da, ýokary okuw mekdeplerine girmek isleýänler ýokardaky maglumatlar bilen birlikde, aşakda görkezilen resminamalary hem kabul ediş toparyna tabşyrmalydyr:
— Türkmenistanyň raýatynyň pasporty, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden çykmek hem-de girmek üçin ygtyýar berýän pasport;
— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçendigine şaýatlyk edýän harby şahadatnamasy ýa-da harby gullugy tamamlamadyk ýigitler üçin ýerli Harby wekillik tarapyndan berlen hasaba alyş şahadatnamasy. Kabul ediş toparynyň dalaşgär barada goşmaça maglumat soramaga hukugy bardyr.


20.04.2026 16:20
1.7k+

Türkmenistanyň YA-nyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ÝUNESKO-nyň «Sanly ylym» kafedrasy açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ÝUNESKO-nyň «Sanly ylym» kafedrasy açyldy....

20.04.2026 15:28
1.6k+

Bilim ministrliginde Türkmenistanda Huawei ICT akademiýasyny döretmek mümkinçiligi maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew Huawei kompaniýasynyň Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Sýu Haý bilen duşuşyp, sanly bilimi ösdürmek we emeli aň (EA) tehnologiýalaryny ornaşdyrmak......

18.04.2026 23:48
2k+

Aşgabatda Hytaýyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ministriň orunbasary Azat Ataýewiň Hytaýyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti bilen duşuşygy boldy. Taraplar bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki......

17.04.2026 17:58
5.3k+

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Lu Ban ussahanasy» açyldy

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Lu Ban ussahanasy» açyldy. Dabara Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy....