Awstraliýada geçen asyryň başynda çykan «1-lik» awtomobil belgi üçin 6,7 million dollar teklip edilýär

  • 18.12.2023 21:43
  • 6.6k+

Lloyds auksion öýi Awstraliýada baryp-ha geçen asyryň başynda berlen örän seýrek hasaba alnyş belgisini bäsleşikli söwda bilen satýar. NSW (Täze Günorta Uels) gysgaltmasy bolan we 1-lik san belgili ýazgy tagtasyna eýýäm ýerli dollarda 10 010 000 (takmynan, 6,7 million amerikan dollary) baha kesildi. Şunlukda, 27-nji ýanwara çenli belgi üçin söwdalaşyp bolýar we bahanyň ondanam galmagy mümkin.

Awstraliýada awtoulaglar üçin hasaba alnyş belgileri Beýik Britaniýanyň mysalynda 1910-njy ýylda berlip başlandy. Sandan çen tutsaň, satuwa çykarylan nusga NSW-niň ilkinji belgisi bolmaly: auksionçylar munuň polisiýanyň komissarynyň awtoulagyna berlendigini aýdýarlar.
Bu belgi soňra telekeçi Frederik Stýuarta degişli bolupdyr, ony 1961-nji ýyla çenli, ýagny  dünýäden ötýänçä özi, soň bolsa dul aýaly Meýjori Stýuart ulanypdyr. Maglumata görä, ol bu nyşany 1988-nji ýylda 200 000 dollara satmak barada edilen teklipden ýüz öwrüpdir. Meýjori 2000-nji ýylda aradan çykdy, indi bolsa nyşan mirasdüşerleri tarapyndan satuwa çykarylýar.
Lloyds şular ýaly belgileriň, adatça, miras geçirilýänligi sebäpli, satuwa örän seýrek çykýandygyny belleýär. NSW 1 nyşany  geçen asyryň başyndan bäri ilkinji gezek auksiona çykaryldy.


24.12.2025 12:33
7.2k+

Awstraliýada Toyota GR Yaris-iň mahabaty howply hasaplanandygy sebäpli ýene-de gadagan edildi

Awstraliýanyň düzgünleşdiriji edaralary ýol hereketiniň düzgünlerini bozýan sürüş elementleriniň görkezilmegi sebäpli, Toyota GR Yaris modeliniň täze mahabat wideosyny ýaýlymdan aýyrmak barada karar çykardy. Häkimiýetleriň pikirine görä, wideoda görkezilýän tilsimler ýurduň islendik ştatynda hukuk bozulmasy hökmünde hasaplanardy...

23.04.2025 16:27
6.9k+

Nissan 15 ýyllyk Patrol Y62 modelini täzeledi: täze ekran, öňki V8

Y63 kuzowly we V6 hereketlendirijili täze «Nissan Patrol-yň» bazara çykanyna alty aý bolandygyna garamazdan, kompaniýa 15 ýyl mundan ozal çykarylan «Patrol Y62» modelini täzelemäge karar berdi. Täzelenen «Nissan Patrol Y62», esasan, Awstraliýanyň bazary üçin niýetlenendir...

25.03.2025 17:36
14k+

Toyota 2025-nji ýylyň Land Cruiser 300-ni görkezdi

Toyota 2025-nji ýylyň täzelenen «Land Cruiser 300» modelini hödürledi. Ulag ilki Awstraliýanyň bazaryna çykar. Satuwyň ýylyň ikinji çärýeginde başlamagyna garaşylýar. Esasy üýtgeşmeler – 12,3 dýuýmlyk sanly gurallar...

25.03.2025 13:49
5k+

Nissan Awstraliýada 250 müň sany «Patrol» satdy

Nissan-yň Awstraliýadaky şahamçasy uly sepgide ýetdi – şu güne çenli ýurtda jemi 250 müň sany «Patrol» ulagy satyldy. Bu model off-road janköýerleriniň arasyndaky meşhurlygyny henizem dowam etdirýär. «Patrol» ilkinji...