Nissan 15 ýyllyk Patrol Y62 modelini täzeledi: täze ekran, öňki V8

  • 23.04.2025 16:27
  • 6.9k+

Y63 kuzowly we V6 hereketlendirijili täze «Nissan Patrol-yň» bazara çykanyna alty aý bolandygyna garamazdan, kompaniýa 15 ýyl mundan ozal çykarylan «Patrol Y62» modelini täzelemäge karar berdi. Täzelenen «Nissan Patrol Y62», esasan, Awstraliýanyň bazary üçin niýetlenendir. Sebäbi bu ýerde adamlar klassyky çarçuwaly off-road ulaglara we klassyky atmosferaly hereketlendirijilere uly baha berýärler diýip, «CarExpert» habar berýär.

Täzelenen «Patrol Y62» öňküsi ýaly 5,6 litrlik V8 hereketlendiriji bilen gelýär, ol 406 at güýjüni öndürýär, aýlanyş pursady (torky) bolsa 560 Nm. Bu hereketlendiriji 7 basgançakly awtomatiki karobka we doly herekete getiriji ulgam bilen işleýär.
Esasy täzelenmelere salonyna degişli boldy: ulag 12,3 dýuýmlyk ekranly täze media ulgamy, nawigasiýa, simsiz Apple CarPlay we Android Auto goldawy, 7 dýuýmlyk sanly panel, daş-töweregi 360° görkezýän kamera ulgamy, 13 dinamikadan ybarat Bose ses ulgamy, simsiz zarýad beriji we sowadyjy guty bilen enjamlaşdyrylan. Ýolsuz ýerler üçin niýetlenen «Warrior» görnüşinde bolsa goşmaça basgançaklar bar. Ulagyň salonynyň dizaýny boýunça, 5 ýyl ozal Demirgazyk Amerikada tanyşdyrylan «Nissan Armada» modelinden hem ylham alnypdyr.
Täzelenen «Patrol Y62-niň» Awstraliýadaky başlangyç bahasy 58 müň dollardan başlanýar. Deňeşdirsek, «Toyota Land Cruiser 300» modeli 69 müň dollardan başlaýar, iň ýokary görnüşli «Land Cruiser Prado 250» bolsa 64 müň dollara durýar.


09.05.2026 10:32
5.2k+

Toyota Awstraliýada iň kuwwatly Land Cruiser 300-i satuwa çykardy

Toyota kompaniýasy Awstraliýada Land Cruiser 300-iň gibrid görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Carscoops neşiriniň habar bermegine görä, mundan ozal iň kuwwatly Land Cruiser diňe Gündogar Ýewropanyň käbir......

20.04.2026 21:03
4.2k+

2026-njy ýylyň Nissan Sentra ulagy IIHS-iň howpsuzlyk boýunça iň ýokary baýragyna mynasyp boldy

2026-njy ýylyň täzelenen Nissan Sentra sedany IIHS amerikan ätiýaçlandyryş institutynyň howpsuzlyk boýunça iň ýokary Top Safety Pick+ bahasyna mynasyp boldy....

14.04.2026 20:19
3.2k+

Nissan kompaniýasy rowaýata öwrülen Xterra-ny we X-Trail-iň, Juke-yň we Skyline-yň täze nesillerini yzyna getirýär

Nissan kompaniýasy öz ösüş strategiýasyny täzeledi, global modelleriniň sanawyny 56-dan 45-e çenli azaltjakdygyny we awtoulaglarynyň 90% -inde emeli aňyň ornaşdyryljakdygyny yglan etdi....

22.03.2026 04:10
2.2k+

Nissan Toyota-nyň mysalyna eýerip, öz Murano modellerini Ýaponiýa ABŞ-dan getirip başlar

Nissan kompaniýasy Amerikanyň Tennessi ştatyndaky zawodda öndürilýän Murano krossowerini Ýaponiýanyň bazaryna ibermek meýilnamasyny yglan etdi. Häzirki wagtda bu model bu ýurtda satylmaýar. Mundan ozal Toyota we Honda kompaniýalary hem meňzeş ädimler barada habar beripdiler...