Russiýa we Özbegistan Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçelge ýoluny ösdürer

  • 17.12.2023 11:57
  • 18k+

Russiýanyň iň iri ulag we logistika kompaniýalarynyň biri bolan FESKO we “Özbek demir ýollary” paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň üsti bilen Türkiýä, Afrika we Ortaýer deňzi ýurtlaryna täze üstaşyr ugurlar boýunça bilelikdäki işe başlamak barada ylalaşdylar. Bu barada “Türkmenawtoulaglary” gullugynyň resmi web sahypasy habar berdi.

Ylalaşyk FESCO ulag toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Andreý Sewerilow bilen “Özbek demir ýollary” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary Abdumalik Kamiljanowyň we “Uzželdorkonteýner” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Akmal Kamalowyň arasynda Daşkentde bolan duşuşygyň netijesinde gazanyldy. “Uztemiryulkonteýner”-iň “Özbek demir ýollarynyň” düzümine girýändigini bellemelidiris.
Daşaýyşlar amala aşyrylanda FESCO-nyň intermodal hyzmatlary ulanylar. Taraplar Daşkent bilen Moskwanyň arasynda göni konteýner aragatnaşygyny ýola goýmak barada hem ylalaşdylar.
FESCO-nyň port, demirýol we toplumlaýyn logistika çygrynda aktiwleri bar. Kompaniýa ýükleri öýme-öý eltip biler we intermodal ulag zynjyrynyň ähli basgançaklaryna gözegçilik edip biler.
2022-nji ýylyň oktýabr aýynda FESCO Merkezi Aziýa sebitinde logistika hyzmatlaryny ösdürmek üçin Özbegistanda FESCO TURAN golçur kärhanasyny açdy.


şu gün 07:42
232

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......