Hindistanda türkmen talyplary bilen duşuşyklar geçirildi

  • 16.12.2023 22:51
  • 10k+

Şu ýylyň 11 – 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň wekilleri ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we Hindistanyň Haýdarabat hem Puna şäherlerinde okaýan türkmen talyplary bilen duşuşdylar. Duşuşyga Türkmenistanyň ilçihanasynyň wekilleri, Osmaniýa uniwersitetiniň prorektory, Nizam kollejiniň müdiri, halkara gatnaşyklar bölüminiň müdiri we beýleki resmi şahslar gatnaşdy. Bu barada Türkmenistan Halkara Habarlar portaly habar berýär.

Duşuşykda ilçihananyň hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlarda okaýan talyplar baradaky aladasynyň esasynda türkmen talyplary bilen yzygiderli duşuşyklaryň guralýandygy bellenildi. Şeýle-de, Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar, ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler barada gürrüň edildi.
Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy giňden bellenilip geçildi, şu ýylyň 4-nji dekabrynda bolsa Nýu-Delide “Magtymguly Pyragy we Gündogaryň medeni dünýäsi” atly ylmy-medeni konferensiýa geçirildi. Onuň dowamynda şahyryň hindi dilinde neşir edilen kitaby hödürlendi.
Duşuşykdan soň Haýdarabadyň we Punanyň talyplarynyň arasynda sport çäreleri geçirildi.


düýn 19:38
3.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.5k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

26.06.2026 08:04
7.1k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......