Ilon Maskyň öňki aýaly dünýäde ChatGPT-li ilkinji çaga oýunjaklaryny hödürledi

  • 16.12.2023 15:18
  • 13k+

Ilon Maskyň öňki aýaly aýdymçy Graýms Curio startapy we OpenAI-niň goldawy bilen ChatGPT-li çaga oýunjaklaryny hödürledi.

Häzirlikçe oýunjaklaryň üç modeli bar: Gabbo, Grem we Grok. Olaryň her biriniň öz “häsiýeti” we sesi bar. Oýunjaklaryň üçüsine-de Graýmsyň özi ses berdi. Has dogrusy, ol ýazgylaryň esasynda oýunjaklara ses berýän emeli aň üçin öz sesini ýazdy. 
ABŞ-da birnäçe ýyl mundan ozal akylly kolonkalar giňden ýaýrady we Internetde kiçijik çagalaryň şeýle gurluşlar bilen ol ýa-da beýleki bir usulda aragatnaşyga girýändigi barada köp sanly gyzykly wideolary tapmak bolýar. Oýunjaklar meselesinde şeýle aragatnaşyk çaga üçin has gerimli we şahsy bolar.
Oýunjaklar Wi-Fi we Bluetooth modullary, mikrofon, akselerometr, dinamika bilen üpjün edilendir we smartfonlar bilen baglanyşyp bilýärler. Bu hem ene-atalara oýunjaklaryň özüni alyp barşyny sazlamaga we zerur bolan ýagdaýynda oýunjaklaryň çaga bilen gürrüňleriniň taryhyny görmäge mümkinçilik berýär.
Graýms şeýle oýunjaklaryň çagalara döwrebap gajetlerden ünsi sowmaga kömek etjekdigini belleýär. Mundan başga-da, çat-botlaryň häzirki mümkinçilikleri şeýle oýunjaklary kiçijik çagalar üçin hakyky dostlara öwürmäge mümkinçilik berýär.
Şeýle-de bolsa, taslamanyň awtorlary häzirlikçe munuň beta-synagdygyny, şonuň üçin şeýle oýunjaklary häzirkizaman emeli aňynyň nähili işleýändigine we onuň nähili aýratynlyklarynyň bardygyna düşünip satyn almalydygyny duýdurýarlar. Görnüşi ýaly, bu ýagdaýda emeli aň gallýusinasiýasy, ýagny emeli aňyň ýok maglumatlary “oýlap tapyp” biljekdigi göz öňünde tutulýan bolmaly.
Oýunjaklary eýýäm her biri 100 dollar baha bilen sargyt etmek bolýar. 


21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......