Türkmen-tailand daşary syýasat edaralarynyň geňeşmeleri geçirildi

  • 15.12.2023 23:03
  • 4.1k+

15-nji dekabrda Türkmenistanyň we Tailand Patyşalygynyň Daşary işler ministrlikleriniň gurluş düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideo aragatnaşyk arkaly geňeşmeler geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça häzirki meseleler we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
Söhbetdeşler dürli derejedäki saparlary alyşmak, Türkmenistanyň hem-de Taýlandyň parlamentleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek, şeýle hem parlamentara dostluk toparyny döretmek we iki ýurduň parlamentarlarynyň saparlaryny alyşmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň çäklerinde türkmen-taýland gatnaşyklarynyň oňyn ösüş depginini bellediler.
Diplomatlar Daşary işler ministrliginiň arasyndaky syýasy geňeşmeleri dowam etdirmegiň, iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle hem Türkmenistanyň we Tailandyň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda işewürlik forumlaryny geçirmek arkaly söwda- ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmegiň möhümdigini bellediler.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......