Şu gün Türkmenistanda nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bellenilýär

  • 14.12.2023 09:40
  • 8.8k+

Şu gün, 14-nji dekabrda Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärleriniň hünär baýramy bellenilip geçilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk mynasybetli pudagyň işgärlerine Gutlag iberdi.

«Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda giňden bellenilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ýadawsyz zähmetiňiziň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagy soňky ýyllarda uly üstünliklere eýe boldy. Pudakda alnyp barylýan öndürijilikli işler esasynda döwletimiz ýangyç çig malynyň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşuldy» diýip, döwlet Baştutany belleýär.
«Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen taryhy-syýasy baglanyşygy bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany wezipesinde işlän döwründe, 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi açylyp ulanmaga berildi we türkmen mawy ýangyjy Gündogara akdyrylyp başlandy. Taryha altyn harplar bilen ýazylan şol gün hem Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni hökmünde yglan edildi» diýlip Gutlagda aýdylýar.


20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......