"Salgyt” ieroglifi Ýaponiýada 2023-nji ýylyň nyşany hökmünde saýlandy

  • 13.12.2023 19:44
  • 4.3k+

"Dzeý" ("salgyt") ieroglifi Ýaponiýada 2023-nji ýylyň nyşany hökmünde saýlandy. Bu mynasybetli dabaraly çäre Kioto şäherindäki budduzmiň “Arassa suw ybadathanasynda” geçirildi. Ol ýurduň öňdebaryjy teleýaýlym kompaniýalary tarapyndan efire berildi.

Däp bolşy ýaly, ýylyň nyşany ybadathananyň ruhanysy monah Seýhan Mori tarapyndan 130x150 santimetr ölçegdäki tüwi kagyzynyň ýüzüne çyzyldy. Ýaponiýada salgyt mowzugyna bagyşlanan habarlar köp berildi.

2022-nji ýylda “ikusa” (“jeň, söweş”) ieroglifi nyşana öwrülipdi. Guramaçylaryň sözlerine görä, bu saýlaw koronawirusa garşy dowam edýän göreş we ýaponiýaly türgenleriniň Pekinde gyşky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmegi ýaly birnäçe sebäplere görä saýlandy.

Ýylyň nyşany 1995-nji ýyldan bäri kesgitlenýär. Bu dabara tertip boýunça 29-njy boldy.


26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

12.06.2026 10:04
6.1k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 07:42
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......