Google kazyýet dawasynda Fortnite oýnuny işläp düzen Epic Games kompaniýasyndan utuldy

  • 13.12.2023 19:11
  • 6.5k+

Fortnite oýnuny dörediji Epic Games kompaniýasy monopoliýa garşy kazyýet işinde Google kompaniýasyny ýeňdi we muny resmi web sahypasynda yglan etdi. Kazyýet ähli aýyplamalarda arzaçyny goldady. Epic Games Google-y bäsdeşleri basyp ýatyrmakda we programma işläp düzüjilerden 30% -e çenli esassyz ýokary töleg tölemekde günäkärledi. Arza berijiniň talaplarynyň arasynda Google-yň Play dükany bilen töleg hyzmatyny baglanyşdyryp, şeýlelik bilen işläp düzüjileri dükana girmek üçin iki hyzmaty hem ulanmaga mejbur edýändigi aýdylýar diýip, Reuters düşündirýär.

“Bu günki karar dünýädäki ähli programma işläp düzüjiler we sarp edijiler üçin ýeňiş. Bu Google-yň programma dükanyndaky amallarynyň bikanundygyny subut edýär. Google-yň alternatiw programma dükanlaryny basyp almak üçin milliardlarça dollar tölemäge taýýardygyny görkezýän subutnamalary gördük "-diýip, Epic-iň beýanatynda aýdylýar.

Reuters-iň berýän maglumatlaryna görä, Google özüniň hukuk bozmalaryny ret edýär we Apple App Store dükany bilen "baha, hil we howpsuzlyk babatynda güýçli bäsleşýändigini" nygtaýar. Kompaniýa şikaýat etmäge taýýarlanýar, agentlik Google-yň hökümet we jemgyýetçilik syýasaty boýunça wise-prezidenti Wilson Waýtyň sözlerine getirýär:

​ “Biz Android biznes modelini goramagy dowam etdireris we ulanyjylarymyza, hyzmatdaşlarymyza we tutuş Android ekoulgamyna çuňňur wepaly bolarys".

Google-yň aklawçysy Jonatan Krawis kazyýetde "Google her ýyl Apple sebäpli 60 million Android ulanyjysyny ýitirmek islemeýändigini" mälim etdi.


29.05.2026 16:32
1.4k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

03.05.2026 23:57
1.4k+

«Ýyl ajap başlady»: YouTube-yň girdejileri iki belgili ösüş görkezdi

YouTube wideo platformasy we onuň baş kompaniýasy bolan Alphabet 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça uly maliýe üstünlikleri barada hasabat berdi: serwisiň mahabat girdejisi 10,7% ýokarlanyp,......

28.02.2026 15:20
1.2k+

Google emeli aň üçin Meta kompaniýasyna milliardlarça dollarlyk çip berer

Alphabet Inc holdingine degişli bolan Google kompaniýasy özüniň tensor prosessorlaryny kireýine bermek boýunça Meta Platforms korporasiýasy bilen ylalaşyk baglaşdy diýip, The Information neşiri geleşiklere gatnaşyjylaryň sözlerine salgylanyp habar berýär...