Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi

  • 13.12.2023 07:12
  • 5.7k+

12-nji dekabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi.

Baýramçylyk çäresine ýurdumyzyň Hökümet agzalary, Mejlisiň we Halk Maslahatynyň hem-de ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem ​ Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri, döredijilik işgärleri, hormatly ýaşulular we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Tomaşaçylaryň arasynda köp sanly daşary ýurtly myhmanlar, şol sanda paýtagtymyzda şanly baýramyň öňüsyrasynda geçirilen iri halkara forumlara gatnaşyjylar hem bar.

Aýdym-sazly dabaranyň maksatnamasy ýurdumyzda giňden tanalýan artistleriň, ýaş meşhur aýdymçylaryň çykyşlaryny öz içine aldy. Olar ýerine ýetiren çykyşlary bilen dabara gatnaşyjylary dünýäniň yklymlaryna we ýurtlaryna özboluşly syýahata atardy. Gyrgyz, gazak, täjik, özbek, azerbaýjan, nemes, ýapon, fransuz, hindi, koreý, hytaý, iňlis, italýan, rus, ispan, türk we arap dillerinde söýgi, dostluk, dünýämiziň gözelligi barada halk we häzirki zaman aýdymlaryny ýerine ýetiren aýdymçylaryň çykyşlary baýramçylygyň aýdym-sazly gutlagnamasyna öwrüldi.

Aýdym-sazly, tansly kompozisiýalar dünýäniň ýurtlarynyň ajaýyp tebigatyny, baý däp-dessurlaryny görkezýän wideoşekiller bilen utgaşdy.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.5k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.5k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.8k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......