Serdar Berdimuhamedow Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

  • 13.12.2023 07:10
  • 10k+

12-nji dekabrda Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmeginiň 28 ýyllygy giňden bellenildi.

Ir bilen Prezident Serdar Berdimuhamedow Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Bitaraplyk binasynyň öňündäki meýdançada köpsanly watandaşlarymyz we myhmanlar, «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly Halkara maslahatyna, şeýle hem parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň agzalary ýygnandylar. ​

Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň we Halk Maslahatynyň wekilleri, ​ Hökümet agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary döwletlerindäki ilçileri, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Serdar Berdimuhamedow merdana halkymyzyň parahatçylyk, hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül çemenini goýdy.

Soňra döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerip, beýleki dabara gatnaşyjylar gül desselerini goýdular.


düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....