Aşgabatda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara forum geçirildi

  • 12.12.2023 10:23
  • 4.3k+

11-nji dekabrda Aşgabatda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara forum geçirildi.

Forum ýokary derejedäki umumy mejlis bilen açyldy. Oňa Hökümet agzalary, Mejlisiň wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky hem-de daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýolbaşçylary, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar, talyplar gatnaşdylar.
Forumyň umumy mejlisinde çykyş eden BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko Serdar Berdimuhamedowa hem-de foruma gatnaşyjylara Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny ýetirip, maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleriň möhüm ähmiýetini nygtady.
BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň Bitaraplygynyň sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy goldamagyň, özara ynanyşmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň, netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm şertidigini nygtady.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça Ýörite wekili, Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary Abdulaziz Kamilowyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Milli azlyklaryň işi boýunça Ýokary komissary Kaýrat Abdrahmanowyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Mereý Mukažanyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň syýasy işler boýunça kömekçisi Ýousef Al Dobeanyň çykyşlarynda Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy ugruna we parahatçylyk döredijilik başlangyçlaryna ýokary baha berildi.
ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Pia Kauma, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus, BMG-niň Baş sekretarynyň ählumumy kommunikasiýalar boýunça orunbasary Melissa Fleming, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň başlygy Wladimir Woronkow, Rumyniýanyň daşary işler ministri Luminisa Odobesku, şeýle hem Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň prezidenti Pan Gi Mun sanly ulgam arkaly foruma gatnaşyjylara ýüzlendiler. Çykyşlarda Türkmenistanyň, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Giň ugurlary öz içine alýan, soňky ýyllarda toplanan oňyn tejribeler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde özara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini görkezýär.
Soňra forum dört sany bölümçede öz işini dowam etdi.
“Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara forumyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.


düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....