Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkyny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady

  • 12.12.2023 09:59
  • 7.6k+

Şu gün — 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni hem-de bütin dünýäde uly ähmiýetli waka bolan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllyk baýramy giňden bellenilip geçilýär. Şanly sene mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyna Gutlag iberdi.

«Biziň Bitaraplygymyz dünýä halklaryny belent maksatlara birleşdirýän, parahatçylygy hem-de dost-doganlygy ösdürýän ýörelgämizdir. Alyp barýan Bitaraplyk syýasatymyzyň berkarar döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini has-da pugtalandyrmakda uly ähmiýeti bardyr. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 28 ýyllyk baýramyny uly zähmet üstünliklerine besläp, şatlyk hem dabaralar bilen garşylaýarys. Bu baýrama bagyşlap, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýatlarymyzda döwrebap binalardyr kärhanalary ulanmaga berýäris. Durmuşyň ähli ugurlarynda gazanýan üstünliklerimize, gözel Diýarymyzyň ýeňişlerine bagyşlanan medeni-jemgyýetçilik çärelerini geçirýäris. Bu çäreler raýatlarymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da pugtalandyrýar, bolelin, bagtyýar durmuşyň bähbidine uly üstünlikleri gazanyp, belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar» diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.
«Biz içeri we daşary syýasatda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza, bar bolan mümkinçiliklerimize esaslanyp, geljekde-de Garaşsyz döwletimizi dünýäniň öňdebaryjy, gülläp ösýän dostlukly ýurduna öwürmek üçin ähli tagallalary ederis» diýlip, Gutlagda aýdylýar.


düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....