Wladimir Putin nobatdaky prezident saýlawlarynda dalaşgär bolar

  • 10.12.2023 23:29
  • 24k+

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin täze, bäşinji prezidentlik möhletine dalaş etjekdigini resmi taýdan yglan etdi. Saýlawlary 2024-nji ýylyň 15-17-nji martynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Putiniň döwlet baştutany hökmünde häzirki ygtyýarlyklary 2024-nji ýylyň 7-nji maýynda tamamlanýar. Russiýa Federasiýasynyň Merkezi saýlaw komissiýasy ozal 2024-nji ýylda Russiýanyň prezident saýlawlaryny üç günüň içinde - 15-nji martdan 17-nji mart aralygynda geçirmek barada karar kabul edipdi.
Saýlawlarda ýeňiş gazansa, Putin bäşinji gezek Russiýa baştutanlyk eder. Ol ilkinji gezek 2000-nji ýylda prezident bolupdy, dört ýyl soň bolsa ikinji möhlete saýlandy. Putin 2008-2012-nji ýyllar aralygynda premýer-ministriň wezipesini eýeledi, şol wagt prezident Dmitriý Medwedewdi.
2012-nji ýylda Putin ýene-de döwlet baştutany wezipesini aldy we 2018-nji ýylda gaýtadan saýlandy.


08.06.2026 15:17
4.1k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

20.04.2026 20:30
4.7k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......

09.04.2026 19:49
8.7k+

Russiýanyň ilçisi Putiniň we Mişustiniň Türkmenistana amala aşyrjak saparlary barada habar berdi

2026-njy ýylda Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada Russiýanyň ilçisi Iwan Wolynkin «Neýtralnyý Turkmenistan»......

07.04.2026 21:02
2.4k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......