Germaniýada Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi

  • 10.12.2023 23:22
  • 9.7k+

Türkmenistanyň ylym-bilim we medeniýet ulgamynyň wekilleri 2023-nji ýylyň dekabr aýynyň 4-9-y aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda iş saparynda boldular.

5-nji we 7-nji dekabrda Türkmenistanyň ylym, bilim we medeniýet ulgamynyň wekilleri ýewropaly alymlary bilen duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda ýazuwly ýadygärligiň altyn hazynasyny düzýän seýrek eserleri – golýazmalary abat saklamak, öwrenmek hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
7-nji dekabrda Berlin şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahaty hem-de şahyryň nemes dilinde terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çykyşlarda türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň milli we dünýä edebiýatynda eýeleýän orny, şahyryň döredijilik mirasynyň öwrenilişi, soňky ýyllaryň dowamynda türkmen we nemes alymlarynyň bilelikde şahyryň eserleriniň terjimesi bilen bagly edilen işler we onuň ömri hem-de döredijiligi bilen bagly täze açyşlar hakynda gürrüň edildi. Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň türkmen we nemes dillerindäki şygyrlary okaldy. Şeýle hem bu çäräniň çäklerinde milli şygryýetimiziň altyn eýýamynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragy hakyndaky kitaplaryň, kitapçalaryň we beýleki maglumatlaryň sergisi guraldy.
Şeýle hem 7-nji dekabrda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde ýerleşýän bu ýurtdaky ilçihanasy tarapyndan guralan türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi.


şu gün 10:10
2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

düýn 22:11
1.8k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

düýn 09:53
1.7k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:24
6.3k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......