Gazagystanyň Energetika ministrligi we Huawei sanly energetika pudagynda hyzmatdaşlyk eder

  • 08.12.2023 12:32
  • 6.1k+

Gazagystanyň Energetika ministrligi bilen Hytaýyň Huawei kompaniýasy sanly energetika pudagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk baradaky ähtnama gol çekdi. Bu barada edaranyň metbugat gullugyna salgylanyp, ru.sputnik.kz habar berýär.

Resminama Astanada Gazagystanyň energetika ministriniň orunbasary Bakytžan Ilýas we Huawei Technologies Kazakhstan-yň ýolbaşçysy Çžao Sýuý gol çekdi.

“Gol çekilen ähtnama sanly energetika pudagynda bilelikdäki innowasion taslamalary durmuşa geçirmäge, Gazagystan Respublikasynyň bitewi energetika ulgamynyň ylmy-tehniki we önümçilik potensialyny güýçlendirmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýar” – diýlip, edaranyň habarynda aýdylýar.

Huawei bilen hyzmatdaşlyk bilelikdäki ylmy-gözleg we bilim taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam eder hem-de “kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek we energetika ulgamyny dolandyryş pudagynda halkara ülňülerini sazlaşdyrmak üçin zerur şertleri döreder” diýip, Energetika ministrligi belleýär.
Huawei Technologies Co. Ltd. telekommunikasiýalar pudagynda dünýäniň iň uly kompaniýalarynyň biridir. Ol 1987-nji ýylda esaslandyryldy.


01.06.2026 07:34
8.7k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

29.05.2026 08:03
7.8k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....

26.05.2026 01:02
4.7k+

Gazagystanda harytlaryň hökmany belgilenmegi sebäpli eşikler gymmatlap başlar

Gazagystanyň hökümeti ýeňil senagaty ösdürmegiň täze toplumlaýyn meýilnamasyny taýýarlaýar. Maksatnamada harytlaryň hökmany suratda ýörite belliginiň girizilmegi, kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we ýurduň içinde......