Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy Ankarada kiçi futbol boýunça bäsleşik geçirdi

  • 07.12.2023 16:54
  • 10k+

7-nji dekabrda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy Ankaranyň «Konk Halı Saha» sport toplumynda sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirdi. Bäsleşik Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guraldy.

Bäsleşige Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen we daşary ýurtly talyplar, türkmen diasporasynyň wekilleri, şeýle hem Ankarada akkreditlenen Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ilçihanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Dostlukly ýagdaýda geçirilen bu bäsleşik diňe bir sport çäresi bolman, eýsem döwletara parahatçylygyň we hoşniýetliligiň nyşanyna öwrüldi.
Ýaryşyň netijeleri boýunça ýeňijilere ilçihana tarapyndan degişli sowgatlar we şahadatnamalar gowşuryldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.


05.06.2026 17:31
1.4k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.2k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.8k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....