Toyota ykjam şäher krossoweriniň konseptini tanyşdyrdy

  • 07.12.2023 16:11
  • 9.6k+

«Toyota» Brýusselde geçirilen maslahatda göwrümi boýunça benzin bilen işleýän «C-HR» ulagyna meňzeş şäher üçin niýetlenen elektrikli krossoweriniň konseptini tanyşdyrdy.

Täze önümiň umumy uzynlygy 4300 mm, ini – 1820 mm, beýikligi – 1620 mm. Awtoulag öňdäki tekerleri we ähli tekerleri hereketli, bir hereketlendirijili we goşa hereketlendiriji nusgalarda elýeterli bolar. Şeýle hem alyjy kuwwaty boýunça tapawutlanýan iki batareýanyň birini saýlap biler.
«Toyota» kompaniýasynyň bu konsept ulagy «C-HR-den» has gysgadyr we dardyr, ol bazarda «Volvo EX30» bilen bäsleşer.
Awtoulag öndürijisi «Urban SUV» ulagynyň takyk tehniki aýratynlyklaryny aýan etmediler. Şol bir wagtyň özünde, täze krossoweriň ýapon korporasiýasynyň Ýewropa bazaryna çykarmak isleýän alty sany elektrikli modeliniň arasynda iň ykjamy we elýeterlisi boljakdygy mälim edildi.
Ulagyň önümçilik üçin niýetlenen görnüşi 2024-nji ýylda tanyşdyrylar.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......