Bütindünýä banky howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin 40 milliard dollardan gowrak serişde goýberer

  • 07.12.2023 15:50
  • 6.5k+

BMG-niň Howanyň üýtgemegi hakyndaky çarçuwaly konwensiýasynyň (COP28) taraplarynyň 28-nji konferensiýasynda Bütindünýa Bankynyň başlygy Ajaý Banga howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin taslamalara Bütindünýa Bankynyň her ýylda 40 milliard dollardan gowrak serişde goýbermegi meýilleşdirýändigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu ägirt uly başlangyç 2025-nji ýyldan başlap durmuşa geçiriler we maliýeleşdirme deslapky garaşylyşyndan 9 milliard dollar artyk bolar.
Banga Halkara dikeldiş we ösüş bankynyň hem-de Halkara ösüş assosiasiýasynyň howanyň üýtgemeginiň netijelerini ýumşatmaklyga-da we oňa uýgunlaşmaklyga-da serişdeleri deň derejede gönükdirjekdigini nygtady diýip, Trend habar berýär.


17.02.2026 21:50
5.1k+

Ýewropa ýurtlaryny global maýylganlyga has tiz taýýarlyk görmäge çagyrýarlar

Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa ylmy konsultatiw geňeşi (ESABCC) Ýewropanyň ýurtlaryny global ýylylyga taýýarlanmaga çagyrdy. ESABCC täze hasabatynda Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) agza ýurtlarynyň temperaturanyň ýokarlanmagyna uýgunlaşmak boýunça görýän çärelerini «ýeterlik däl we köp ýagdaýlarda gijä galan» diýip atlandyrýar...

23.01.2026 11:04
1k+

Aşgabatda geçirilen forumyň çäklerinde Türkmenistan bilen FAO-nyň arasynda ylalaşyklara gol çekildi

22-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen “Howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş” atly halkara maslahatyň netijeleri boýunça birnäçe ylalaşyklara gol çekildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi...

23.01.2026 10:56
1.2k+

Aşgabatdaky forumda howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş meseleleri maslahatlaşyldy

22-nji ýanwarda Aşgabatda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş” atly halkara maslahat geçirildi. Munuň özi ýurdumyzyň bu ugurda umumy tagallalary birleşdirmäge uly goşant goşýandygynyň nobatdaky güwäsidir...

14.10.2025 12:37
4k+

Aşgabatda Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahaty geçirildi

13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär. Maslahata 120-den gowrak öňdebaryjy ýaşlar, Durnukly ösüş maksatlarynyň Ýaş ilçileri, ekologiýa ugrundaky işjeň raýatlar, döwlet edaralarynyň, BMG-niň düzümleriniň wekilleri we bilermenler gatnaşdy...