Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýyldyz Arkadag şäherine baryp gördi

  • 07.12.2023 13:42
  • 9.6k+

Türkmenistanda saparda bolan Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýyldyzyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Arkadag şäherine baryp gördi.

Arkadag şäherindäki Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde türkiýeli myhmanlar üçin «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary dürli görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.
Mälim bolşy ýaly, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Türkmenistanyň adyndaky köp sanly halkara festiwallara gatnaşyp, köp sanly abraýly baýraklaryň eýesi boldy. Toparyň düzümindäki “Akhan” ahalteke bedewi Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy.
Bu ýerde Arkadag şäheri bilen tanyşlykdan soňra «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa eden Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýyldyza türkmen halkynyň milli lybaslary bolan don-telpek sowgat edildi we myhman «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen ýadygärlik surata düşdi diýip, Halkara habarlar merkezi habar berdi.


05.06.2026 17:31
1.4k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.2k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.8k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....