Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz bilen duşuşyk geçirdi

  • 06.12.2023 19:03
  • 7.1k+

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk böleginiň başlygy Jewdet Ýylmazy kabul etdi. Ol bu toparyň nobatdaky ýedinji mejlisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana geldi diýip, Anadolu agentligi habar berýär.

Söhbetdeşler iki doganlyk döwletiň ýolbaşçylarynyň arasynda ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň gazanylan derejesine ýokary baha berip, hökümet wekiliýetleriniň yzygiderli saparlarynyň, ýurtlarymyzyň  daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleriň we gepleşikleriň köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam berýändigini nygtadylar.
Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň strategik söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Şunuň bilen birlikde, ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy we maýa goýumlary ulgamlarynda netijeli ikitaraplaýyn we sebit derejesindäki gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany iki ýurduň ykdysady kuwwatyny nazara almak bilen, döwletara hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany we myhman iki halkyň taryhynyň, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan medeni we ruhy gymmatlyklarynyň umumydygyny bellediler.


05.06.2026 17:31
1.4k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.2k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.8k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....