Raşid Meredow Neda Bergere akkreditasiýa şahadatnamasyny gowşurdy

  • 06.12.2023 18:51
  • 6.9k+

6-njy dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy Neda Berger bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda Türkmen-Awstriýa hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy barada gyzykly pikir alyşma geçirildi. Şol bir wagtyň özünde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli özara gatnaşyklar we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hasam giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu nukdaýnazardan Awstriýa kompaniýalarynyň “akylly” Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna gatnaşmagynyň geljegi göz öňünde tutulýar.
Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ulgamynda hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler we konsertleri we beýleki bilelikdäki çäreleri, iki ýurduň Türkmenistanda we Awstriýa Respublikasynda Medeniýet günlerini geçirmekde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda ministr R.Meredow N.Bergere akkreditasiýa şahadatnamasyny gowşurdy we myhmany Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde "Galkynyş" Türkmen-Awstriýa žurnalynyň redaktory hökmünde bellige alynmagy bilen gutlady diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.


düýn 22:17
1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.4k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......