Türkmenistan Gruziýada TRACECA-nyň Hökümetara komissiýasynyň hemişelik sekretariatynyň mejlisine gatnaşdy

  • 06.12.2023 16:29
  • 2.5k+

Türkmenistan ilkinji gezek 5-nji dekabrda Tbiliside geçirilen TRACECA-nyň Hökümetara komissiýasynyň hemişelik sekretariatynyň mejlisine gatnaşdy. TRACECA-nyň Hökümetara komissiýasynyň hemişelik sekretariatynyň baş sekretary Aset Asawbaýew we beýleki agzalar Türkmenistany “Ýewropa – Kawkaz – Aziýa” ulag geçelgesini guramak boýunça Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaş ýurtlaryň arasyndaky halkara hyzmatdaşlyk maksatnamasyna goşulmagy bilen gutladylar. Bu barada Orient habar berýär.

Mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş müdiriniň orunbasary Batyr Annaýew gatnaşdy.
Mejlisiň dowamynda halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri bilen bir hatarda 2016 – 2026-njy ýyllar üçin Ýewropa – Kawkaz – Aziýa halkara geçelgesini ösdürmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi, TRACECA-nyň halkara şertnamalaryna goşulmak prosesi, halkara awtomobil gatnawlary üçin TRACECA-nyň rugsat ulgamynyň netijeleri we 2022-nji ýyl üçin TRACECA geçelgesiniň ugurlary arkaly ýük gatnawlarynyň statistikasy baradaky hasabat gözden geçirildi.
Şeýle-de, duşuşygyň gün tertibine Demir ýollarynyň hyzmatdaşlyk guramasy bilen TRACECA-nyň Hökümetara komissiýasynyň hemişelik sekretariatynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada Ähtnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak, TRACECA-nyň Iş geňeşiniň esasy düzgünleri we TRACECA-nyň Hökümetara komissiýasynyň 17-nji ýyllyk mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri girdi.  


düýn 22:20
2.3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....