Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýda 5-nji Bütindünýä Metbugat sammitine gatnaşýar

  • 06.12.2023 08:24
  • 2.5k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, TDH we «Media-Türkmen» habarlar agentliginiň wekillerinden ybarat bolan wekiliýet 2-6-njy dekabr aralygynda Hytaýyň Guandun welaýatynyň Guançžou şäherinde 5-nji Bütindünýä Metbugat sammite gatnaşýar.

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, 2023-nji ýylyň 3-nji dekabrynda «Dünýädäki ynamy güýçlendirmek, metbugatyň ösüşini ýokarlandyrmak» şygary astynda geçirilen Forumyň resmi açylyş dabarasynda, «Sinhua» habarlar agentliginiň baş direktory, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň wagyz bölüminiň başlygynyň orunbasary, Guandun welaýatynyň häkimi we Guançžou şäheriniň häkimi dagylar çykyş etdiler. Şeýle hem ýygnananlara Global aragatnaşyk boýunça baş sekretaryň orunbasary, Ýaponiýanyň «Kyodo News» habarlar gullugynyň  prezidenti, «Reuters»  habarlar gullugynyň başlygy, şeýle hem  «People's Daily»-niň, «Associated Press»-iň, «Agence France-Presse»-iň ýolbaşçylary we beýlekiler çykyş bilen ýüzlendiler.
Umumy mejlisden soň, 5-nji Bütindünýä Metbugat sammitiniň bilelikdäki Beýannamasy çap edildi.
2023-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Forumyň işiniň barşynda gatnaşyjylar aşakdaky temalary ara alyp maslahatlaşdylar: media pudagynyň global kynçylyklaryny nädip çözüp boljakdygyny öwrenmek maksady bilen, «Ynamy berkitmek: metbugatyň adam ösüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmakdaky orny», «Üýtgeşmeleri kabul etmek: metbugatyň täze tehnologiki mümkinçiliklere we kynçylyklara beren jogaby», «Pioner innowasiýalary: sanly tehnologiýalar döwründe täze media bazarlary» we «Ösüşiň gözleginde: has gowy gelejek üçin global media hyzmatdaşlygy».
Çärä gatnaşyjylar öz çykyşlarynda global metbugat guramalaryny has uly durnuklylygy üpjün etmek hem-de biziň üýtgäp durýan dünýämize oňyn energiýa getirmek maksady bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge, dünýä metbugat pudagynyň umumy ösüşini ýokarlandyrmaga we dürli taryhy geçmişi, medeni däp-dessurlary we ösüş derejeleri bolan ýurtlar bilen halklaryň arasynda özara düşünişmegi we aragatnaşygy ösdürmäge çagyrdylar.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......