Türkmenistan Halkara zähmet guramasy bilen 2024-nji ýyldaky anyk çäreler boýunça indiki amaly hereketleri maslahatlaşdy

  • 06.12.2023 08:13
  • 3.7k+

5-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen, Aşgabada sapar bilen gelen, Halkara Zähmet Guramasynyň Dolandyryş we üç taraplaýynlyk departamentiniň direktorynyň orunbasary Kamran Fannizadeniň ýolbaşçylygyndaky HZG-niň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar “Ýol kartada” görkezilen meseleleriň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar we 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümeti bilen HZG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny we hyzmatdaşlygyň anyk ädimlerini kesgitlediler diýip, Türkmenistanyň DIM-niň habarynda aýdylýar.
HZG-niň çäklerinde öz üstüne alan borçnamalaryny hemmetaraplaýyn ýerine ýetirmek ugrunda türkmen tarapynyň ygrarlydygyny HZG-niň wekilleri goldadylar.
Hyzmatdaşlygy ösdürmek nukdaýnazaryndan gepleşikleri has-da giňeltmek we ulgamlaýyn esasda aragatnaşyk gurmak meselelerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar 2024-nji ýyldaky anyk çäreler boýunça indiki amaly hereketleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň çäklerinde Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleri türkmen tarapyny bu ugurdaky işleriň netijeleri bilen tanyşdyrdylar we ýakyn geljek üçin hyzmatdaşlyga bolan garaýyşlaryny mälim etdiler.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......