Beniniň ilçisi Türkmenistanyň DIM-inde ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

  • 06.12.2023 08:05
  • 2k+

5-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Benin Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Akambi Andre Okunlola-Biauň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, ministriň orunbasary ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we munuň Türkmenistan bilen Benin Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösmegine itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Taraplar, Türkmenistan bilen Benin Respublikasynyň arasynda BMG, EKOSOS we beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde utgaşdyrylan hyzmatdaşlygyň geljegini nygtadylar.
Diplomatlar şeýle hem Türkmenistan bilen Benin Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri guramagyň, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we ösdürmegiň möhümdigini bellediler.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......