Toyota 2026-njy ýyla çenli Ýewropada zyňyndy derejesi nol bolan 15 awtomobil modelini hödürlär

  • 05.12.2023 21:30
  • 13k+

Toyota Motor 2026-njy ýyla çenli Ýewropada zyňyndy derejesi nol bolan ýeňil awtoulaglardan başlap, ýeňil ýük ulaglaryna çenli 15 sany awtomobil modelini hödürlär. Bu barada kompaniýanyň habaryna salgylanyp, interfax.ru habar berýär.

Şol wagta çenli Ýewropada Toyota elektromobilleriniň satuwynyň ýylda 250 müň birlikden, şeýle ulaglaryň umumy satuwdaky paýynyň bolsa 20%-den geçmegine garaşylýar.
Häzirki wagtda elektrikleşdirilen awtomobilleriň (şol sanda gibridler, birikdirilýän gibridler we ýangyç bilen işleýän awtomobiller) paýyna Toyota-nyň Ýewropa sebitindäki satuwynyň 71%-i düşýär we kompaniýa bu paýyň 2024-nji ýyla çenli 75%-e çenli ýokarlanmagyna garaşýar.
Geljekde elektrikleşdirilen ulaglaryň paýy elektromobilleriň kömegi bilen ösmegini dowam etdirer diýip, kompaniýa belleýär.
2023-nji ýylda Ýewropada Toyota-nyň ýeňil ýük ulaglarynyň satuwynyň 20%-den gowrak ýokarlanmagyna we 140 müňden geçmegine garaşylýar.
Ýapon awtoöndürijisi 2040-njy ýyla çenli Ýewropadaky amallarynyň uglerod bitaraplygyny gazanmagy maksat edinýär.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......