Ýaponiýa Marsa uçuşy 2024-nji ýyldan 2026-njy ýyla süýşürer

  • 05.12.2023 21:28
  • 3.5k+

Ýaponiýa Marsy öwrenmek üçin hemra enjamynyň uçurylyşyny 2024-nji ýyldan 2026-njy ýyla süýşürmek kararyna geldi. Meýilnamalaryň üýtgemegi kosmos enjamyny uçurmak üçin ulanylmaly H3 raketa göterijisiniň näsazlyklary bilen baglanyşyklydyr. Ilkibaşda 2024-nji ýyla meýilleşdirilen Mars Moons Exploration (MMX) ýapon taslamasy zondy Marsyň hemralarynyň biri bolan Fobosa eltmegi göz öňünde tutýardy.

Missiýanyň wezipesi Fobosyň üstünden nusgalary almakdy. Bu nusgalar Mars ulgamynyň gelip çykyşy we ewolýusiýasy barada gymmatly maglumatlary berip bilerdi.
Planetalaryň arasyndaky aralygy göz öňünde tutsaň, Marsa uçurmak üçin indiki amatly penjire 2026-njy ýylda bolar. Bu missiýa kosmosy öwrenmekde we Gyzyl planeta hem onuň hemralaryna düşünmekde uly goşant goşmagy wada berýär.


şu gün 00:18
820

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

11.06.2026 10:55
1.9k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

10.06.2026 10:51
1.3k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......