Serdar Berdimuhamedow Dubaýda Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy

  • 02.12.2023 22:21
  • 15k+

Şu gün, 2-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň häzirki  ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan edip, Dubaý şäherinde geçýän COP-28 maslahatynyň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdi. Bu maslahat şu ýylyň ähmiýetli halkara çäreleriniň biri boldy.
Döwlet Baştutany sammitde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň möhümdigini nygtap, ýokary derejeli duşuşykda öňe sürlen başlangyçlaryň howanyň üýtgemegi ýaly möhüm ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.
Bellenilişi ýaly, bu derwaýys meseläni çözmek boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryna saldamly goşant goşýan Türkmenistan howanyň üýtgemegine we onuň ýaramaz täsirlerine garşy durmak boýunça bilelikdäki işleriň dowam etdirilmegine gyzyklanma bildirýär.
Umumy pikire görä, türkmen ykdysadyýetiniň bu möhüm pudaklary uzakmöhletli özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek we bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we bar bolan kuwwaty has doly derejede amala aşyrmaga ýardam berer.


düýn 17:31
1.1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....