Owganystanly demirýolçularyň ikinji tapgyry Türkmenistanda hünär ýokarlandyryş okuwyny geçdiler

  • 02.12.2023 17:44
  • 13k+

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Türkmendemirýollary» agentliginiň hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçen owganystanly demirýolçularyň ikinji gutardyşy boldy. Mekdebiň uçurymlaryna degişli şahadatnamalar gowşuryldy diýip, ORIENT habar berdi.

Okuwlar 1-nji awgustdan 30-njy noýabr aralygynda dowam etdi. 1-nji dekabrda ýaş hünärmenler öz watanyna dolandylar.
Goňşy ýurtdan gelenler demirýol gurluşyk we wagonlary dolandyryş tehnologiýalaryny öwrendiler. Ikinji topar 14 adamdan ybarat boldy. 13 adamdan ybarat birinji topar Türkmenistanda 2023-nji ýylyň 16-njy ýanwaryndan 15-nji maý aralygynda okuw geçdi.
Dört aýlyk okuwlar 2021-nji ýylda “Türkmendemirýollary” agentligi we Owganystanyň Demirýol edarasy tarapyndan gol çekilen özara düşünişmek baradaky Ähtnama laýyklykda gurnaldy.
Şu günler Aşgabatda geçirilýän “Türkmendemirýollary” agentligi bilen Owganystanyň Demirýol edarasynyň ýolbaşçylarynyň arasyndaky gepleşiklerde Türkmenistan demirýol pudagy üçin has köp owgan talyplaryny okatmaga taýýardygyny mälim etdi. Hususan-da, hünäri ýokarlandyryş üçin üçünji topary Türkmenabada ibermegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


şu gün 07:42
232

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......