Türkmenistan Makedoniýada ÝHHG-niň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

  • 02.12.2023 17:31
  • 6.8k+

Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Makedoniýa Respublikasynyň Skopýe şäherinde geçirilen ÝHHG-niň ministrler geňeşiniň 30-njy mejlisine gatnaşdy. Mejlis 30-njy noýabr — 1-nji dekabr aralygynda ÝHHG başlyklyk edýän Makedoniýa Respublikasynyň daşary işler ministri B.Osmaniniň ýolbaşçylygynda geçirildi. 

 

Duşuşyga ÝHHG-niň 57 döwletiniň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri we ýolbaşçylary hem-de 11 hyzmatdaş döwletleriň wekiliýetleri gatnaşdylar diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Duşuşyk daşary işler ministrlerine ýewroatlantik we ýewraziýa sebitlerinde howpsuzlygyň ähmiýetli meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga hem-de guramanyň işini düýpli seljermäge platformany döretdi.
Türkmen tarapynyň çykyşynda ýurdumyzyň bu gurama 2023-nji ýylda Demirgazyk Makedoniýanyň üstünlikli başlyklyk etmegine ýokary baha berýändigi barada nygtaldy.
W.Hajiýew Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlyga we onuň esasy ýörelgeleriniň goralmagyna ygrarlydygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, guramanyň işiniň üç ölçegine esaslanyp, Türkmenistanyň başlangyçlary, ileri tutulýan garaýyşlary we maksatlary beýan edildi.

 

Türkmenistanyň teklipleri tehnologik hyzmatdaşlyga esaslanyp serhetde howpsuzlygy ýokarlandyrmak, maglumat alyş-çalşygyny we syýasy dialogy giňeltmekde umumy maglumat binýadyny döretmek boýunça garaýyşlary öz içine aldy. Howanyň üýtgemeginiň täsirlerini nazara alyp, Türkmenistan Merkezi Aziýada ulgamlaşdyrylan suw strategiýasyny we Howanyň üýtgemegi boýunça sebit merkezini döretmek boýunça başlangyçlar bilen çykyş edýär. Şeýle-de, ulag ulgamynda we arabaglanyşygy berkitmek boýunça Türkmenbaşynyň halkara deňiz portyny ösdürmek hem-de Merkezi Aziýa ulag-logistik platformany döretmek başlangyçlaryna Türkmenistanyň ygrarlylygy bellenildi.
Çykyşynyň ahyrynda W.Hajiýew sebit meselelerini ýeňip geçmek we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň işjeň hem-de döredijilikli dialoga taýýardygyny tassyklady.

 


şu gün 17:31
548

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
1k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.6k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4.1k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....