«Bawariýa» Noýer bilen şertnamasynyň möhletini uzaltdy

  • 01.12.2023 13:26
  • 5.1k+

Mýunheniň futbol kluby «Bawariýa» resmi web sahypasynda Germaniýanyň milli ýygyndysynyň derwezebany Manuel Noýer bilen şertnamasynyň möhletiniň uzaldylýandygyny habar berdi.

37 ýaşly oýunçy bilen şertnama 2025-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli uzaldyldy.

«Bawariýada» ýene bir ýyl galjakdygyma begenýärin. Uzak wagt dowam eden şikesden soň, men doly güýjümde dolanyp geldim. Bu toparda çykyş etmek maňa örän uly lezzet berýär» diýip, Noýer belledi.

Noýer 2022-nji ýylyň dekabr aýynda dynç alyşda lyžada typýarka ýykylyp, aýagyny döwdürdi. Oktýabr aýynyň ahyrynda derwezeban oýunlara gaýdyp geldi.
Noýer 2011-nji ýyldan bäri «Bawariýada» çykyş edýär. Mýunheniň klubynyň düzüminde ol 11 gezek Germaniýanyň çempiony boldy, bäş gezek ýurduň Kubogynyň we iki gezek Çempionlar ligasynyň Kubogynyň eýesi boldy. Noýer Germaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde çempiony boldy (2014) we milli ýygyndyda soňky gezek geçen ýylyň dekabrynda Katarda geçirilen dünýä çempionatynda çykyş etdi.


şu gün 09:11
594

FIFA 2029-njy ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 48 topara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy bilen bilelikde 2029-njy ýylda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmak......

düýn 23:41
3.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.8k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.4k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......