Tbiliside türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda energetika forumy geçirildi

  • 01.12.2023 12:02
  • 1.5k+

Türkmenistanyň Energetika ministriniň orunbasary S.Saparowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 28–29-njy noýabrda Tbilisi şäherinde Gruziýanyň hökümetiniň Aziýa ösüş banky (ADB) bilen bilelikde guramagynda geçirilen «Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň çäklerinde energetika ugry boýunça maýa goýum forumyna gatnaşdy.

Mejlisiň gün tertibine täze energetika taslamalary, sebitiň hödürleýän maýa goýum mümkinçiliklerini görkezmek, energetika netijeliligi we durnukly çözgütler, ýel we gidrodan bilen baglanyşykly beýleki birnäçe meseleler girizildi. Bu institut CAREC ýurtlarynyň taslamalarynyň arasyny baglanyşdyryjy hökmünde çykyş edip, sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy goldamak boýunça syýasaty, maksatnamalary we taslamalary işläp taýýarlamakda hem-de amala aşyrmakda ylalaşygy üpjün edýär.
Türkmen wekiliýeti öz çykyşynda Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň çäklerinde sebitde sarp edijileri energiýa serişdeleri bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün etmäge gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirmek bilen, anyk taslamalaryň ençemesini amala aşyrýandygy barada belläp geçdi.
Türkmenistanyň energetika serişdeleriniň iberilýän möçberlerini artdyrmaga hem-de olaryň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen meýilnamalaryna we anyk hereketlerine CAREC maksatnamasyna gatnaşyjylar tarapyndan ýokary baha berilýär.


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......