Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça Pudagara topary dörediler

  • 01.12.2023 00:01
  • 17k+

Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklamak  hem-de Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça Pudagara toparyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada penşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda habar berildi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň bellemegine görä, geçirilýän işler raýat awiasiýasynyň Halkara guramasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça kadalaryna, tejribelerine we iş amallaryna laýyklykda, ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň uçuşlaryň howpsuzlygyny, yzygiderliligini we netijeliligini ýokary derejede  üpjün etmäge gönükdirilendir.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini netijeli ýola goýmak üçin, ähli zerur çäreleri görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek möhüm meseledir diýip, döwlet Baştutany aýtdy we bu ugurda Döwlet maksatnamasy işlenip taýýarlananda, halkara awiasiýa işiniň talaplarynyň öz beýanyny tapmalydygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, agentligiň ýolbaşçysyna ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça Pudagara toparyny döretmek üçin degişli işleri geçirmek tabşyryldy.


düýn 22:20
2.3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....