Türkmenistanda Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnamanyň taslamasy taýýarlanyldy

  • 30.11.2023 23:34
  • 5.9k+

Türkmenistanda Bilim ministrligi tarapyndan «Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnamanyň» taslamasy taýýarlanyldy. Bu barada «watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Wise-premýer N.Amannepesowyň belleýşi ýaly, bu resminama «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasyna laýyklykda taýýarlanyldy.
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen Milli we Prezident maksatnamalarynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, bilim edaralaryny akkreditirlemegiň milli ulgamyny döretmek, ýokary hünär bilimi edaralarynyň halkara reýtingine goşulmagy üçin guramaçylyk işlerini alyp barmak meýilleşdirilýär.
Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilim edaralarynyň görkezijileri babatda dünýäde belli okuw mekdepleriniň sanawyna goşulmagyna, milli bilim ulgamynyň halkara derejelere çykarylmagyna ýardam eder. 
Häzirki wagtda bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijesinde ýurdumyzyň ýokary hünär bilimi edaralarynyň 9-sy Halkara uniwersitetler assosiasiýasynyň agzasy bolup durýar.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty hem-de Türkmen döwlet maliýe instituty Assosiasiýanyň   agzalygyna kabul edilmek boýunça degişli guramaçylyk işlerini alyp barýarlar.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, giň gözýetimli bolmagy ugrunda ýokary we orta hünär bilimi edaralarynda döwrebap özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bilim işiniň döwlet akkreditasiýasynyň Düzgünnamasyny talabalaýyk taýýarlamak möhüm bolup durýar diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy we wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. 


düýn 20:28
973

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň uniwersitetleri akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy

Tokio şäherinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen Tokio daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň......

08.05.2026 22:36
2.9k+

Türkmen talyplary Sankt-Peterburgdaky halkara matematika olimpiadasynda baýrakly orunlary eýeledi

Sankt-Peterburgyň ITMO uniwersitetiniň binýadynda geçirilen Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň XII halkara matematika olimpiadasynda (NCUMC-2026) türkmen talyplary uly üstünlik gazandy. Bäsleşik......

08.05.2026 12:46
1.4k+

Türkmenistan Skopýede geçirilen demografik durnuklylyk boýunça maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Makedoniýanyň paýtagty Skopýe şäherinde geçirilen Demografik durnuklylyk boýunça «Leading Change: People-centered paths to demographic resilience» atly sebit ministrler maslahatyna......

01.05.2026 23:32
10k+

Türkmenistanda geljekki birinji synp okuwçylaryna kompýuter sowgat bermek däbi dowam etdiriler

Türkmenistanda täze okuw ýylynda umumybilim berýän orta mekdepleriň birinji synpyna okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterleri sowgat bermek boýunça asylly däp dowam etdiriler. Degişli Karara anna......