Dubaýda BMG-niň iki hepdelik howa sammiti öz işine başlaýar

  • 30.11.2023 21:27
  • 2.8k+

140-dan gowrak döwletden liderleriň gatnaşmagynda Bütindünýä howa sammiti Dubaýda öz işine başlaýar. Bu barada TASS habar berýär. Sammitde BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň 28-nji konferensiýasynyň (COP28) başlygy we dünýäniň iň uly nebit öndürijileriniň biri hökmünde Birleşen Arap Emirlikleri halkara jemgyýetçiligini gazylyp alynýan ýangyçdan ýüz öwürmezden pes uglerodly geljegiň mümkindigine ynandyrmak isleýär.

Şu ýyl COP28-iň prezidenti bellenilen, BAE-niň senagat we ösen tehnologiýalar ministri wezipesini eýeleýän hem-de Abu-Dabiniň ADNOC milli nebit kompaniýasyna ýolbaşçylyk edýän Sultan ben Ahmed al-Jaber uglewodorodlaryň ulanylyşyny azaltmagyň jogapkärli çemeleşmäni talap edýändigini ençeme gezek aýdypdy. Al-Jaberiň pikiriçe, howanyň üýtgemegine garşy göreşde ileri tutulýan ugur uglerody tutmak, ulanmak we saklamak ýaly häzirkizaman tehnologiki çözgütlerden peýdalanmak bolmaly.
12-nji dekabra çenli dowam etjek konferensiýa günlerinde Dubaýyň dürli ýurtdan 70 müňden gowrak wekili, şol sanda döwlet baştutanlaryny, uly biznes we hökümete degişli däl guramalaryň wekillerini, şeýle-de gözlegçileri, hünärmenleri we žurnalistleri kabul etmegine garaşylýar. Bu taryhda BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň konferensiýasyna gatnaşyjylaryň iň köp sanydyr.


30.04.2026 17:05
2.6k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

29.04.2026 16:01
2.1k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....

27.04.2026 02:06
4.2k+

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

25.04.2026 16:03
3.5k+

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....