Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi Türkmenistanyň Prezidentine hat iberdi

  • 30.11.2023 10:33
  • 25k+

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowadyna iberen hatynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisiniň hem-de «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen serginiň üstünlikli geçirilmegine kanagatlanma bildirdi.

«17-18-nji noýabrda gözel Aşgabat şäherinde Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisiniň hem-de «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen serginiň üstünlikli geçirilmeginden diýseň kanagatlanýandygymy beýan etmek isleýärin» diýlip hatda bellenilýär.

Şeýle hem eýran Lideri Hökümetara toparyň mejlisiniň ahyrynda degişli Teswirnama we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça beýleki resminamalaryň birnäçesine gol çekilmeginiň iki ýurduň ýolbaşçylarynyň ähli ugurlardaky özara gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydyklaryny görkezýändigini belledi.

«Iki döwletiň degişli edaralarynyň özara hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça maksada gönükdirilen tagallalarynyň netijesinde, soňky iki ýylyň dowamynda özara ykdysady gatnaşyklaryň okgunly ösüşe eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen aýtmak isleýärin» diýip, Raisi nygtady.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......