Hytaý dünýäde ilkinji suwasty maglumat merkezini gurup başlady

  • 28.11.2023 11:24
  • 13k+

Hytaý Haýnan adasynyň kenarynda maglumat saklaýyş we gaýtadan işleýiş merkeziniň birinji tapgyryny gurup başlady. Tom's Hardware portalynyň habaryna görä, iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan birnäçe jebis konteýner deňziň düýbündäki ýörite meýdançada oturdylar. Gurluşygyň düýbüniň tutulyşy baradaky wideoýazgy Hytaýyň Merkezi telewideniýesinde (CCTV) görkezildi. Onda blogyň urganlar bilen deňiz platformasyndan suwuň aşagyna düşürilişi görkezilýär.

Dünýädäki ilkinji täjirçilik suwasty maglumatlary işleýiş merkezi Günorta-Hytaý deňziniň düýbünde ýerleşýär. CCTV-iň berýän maglumatlaryna görä, suw geçirmeýän jebis blok bölüminiň her bir 30 sekuntda dört milliondan gowrak ýokary durulykdaky suratlary gaýtadan işläp biler. Suwasty maglumat merkeziniň bir elementiniň güýji bir wagtyň özünde işleýän, takmynan, 60 müň adaty kompýuteriň öndürijiligine barabardyr.
Hytaý bäş ýylyň içinde şonuň ýaly ýüzlerçe blogy gurmagy meýilleşdirýär. Geljekde merkeziň kuwwaty 6 million adaty kompýutere deň bolar. Her bir maglumat saklaýjy blogyň agramy 1300 tonna - 1000 awtoulagyň agramyna deň. Modul 35 metr çuňluga deňziň düýbüne düşürilýär, munuň üçin üç sagat töweregi wagt gerek bolýar. Ammar desgasy azyndan çärýek asyr hyzmat etmeli; enjam tebigy hadysalara çydamly.
Suwasty maglumat merkeziniň esasy artykmaçlygy - energiýany ýokary derejede tygşytlap bilýänligi. Sowatmakda deňiz suwunyň ulanylýanlygy sebäpli, oňa hyzmat edilende çykdajylar ep-esli az bolar.


düýn 10:34
1.4k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.9k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......