Türkmenistan we ABŞ atmosfera goýberilýän metan zyňyndylaryny azaltmak babatda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

  • 28.11.2023 07:31
  • 9.9k+

27-nji noýabrda amerikan tarapynyň başlangyjy boýunça Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Öňde Dubaýda geçiriljek howa meseleleri boýunça “COP-28” maslahatyna taýýarlyk görmek, hususan-da, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň atmosfera goýberilýän metan zyňyndylaryny azaltmak babatda hyzmatdaşlygy hem-de bu ulgamdaky gatnaşyklary hukuk taýdan berkitmegiň mümkinçilikleri söhbetdeşligiň esasy meselesi boldy.
ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili Serdar Berdimuhamedowa howanyň üýtgemegine garşy göreş ýaly häzirki döwrüň möhüm meselesini çözmek we atmosfera goýberilýän metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça uly ähmiýetli işleri geçirýändigi üçin hoşallyk bildirip, birnäçe anyk teklipleri öňe sürdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ählumumy ekologik wehimleriň dünýä döwletleriniň öňünde täze wezipeleri, ozaly bilen, milli meýilnamalaryň hem-de strategiýalaryň döwrebaplaşdyrylmagy, olara parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça häzirki zaman usullarynyň girizilmegi bilen baglanyşykly wezipeleri goýýandygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine maýa goýumlary gönükdirmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak üçin tehnologiýalaryň işlenip taýýarlanylmagy öz çözgüdini talap edýär.
Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda Glazgoda geçirilen “COP-26” maslahatynyň dowamynda biziň ýurdumyzyň Ählumumy metan borçnamasy boýunça başlangyjy goldaýandygyny we onuň düýpli öwrenilmegine gyzyklanma bildirýändigini mälim edendigi aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu mesele boýunça Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary beýan edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerri oňyn döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmek baradaky pikiri tassykladylar.


düýn 22:17
501

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
2.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......